Aşgabatda Zenanlaryň dialogynyň Jemleýji resminamasy kabul edildi

Aşgabatda Zenanlaryň dialogynyň Jemleýji resminamasy kabul edildi

Şu gün Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahata işjeň häsiýet mahsus boldy.

Şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahatynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýuna sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažlisiniň Başlygynyň orunbasary Balaýim Kesebaýewa, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Jamiliýa Isaýewa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgala işleri boýunça Komitetiň başlygy Hilolbi Kurbonzoda, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa çykyş etdiler.

Myhmanlar türkmenistanlylary ýurtda we dünýäde giňden bellenilýän ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen gyzgyn gutladylar.

Çykyşlarda şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy barada giňişleýin gürrüň edildi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, gender deňligini üpjün etmek babatdaky meselelere üns çekildi.

Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa 2023-nji ýylda Özbegistanda Arap we musulman döwletleriniň zenan parlament ýolbaşçylarynyň I forumynyň geçiriljekdigini aýtdy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň wekillerini oňa gatnaşmaga çagyrdy.

Maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jemleýji resminamasy kabul edildi. Oňa laýyklykda, 2023-nji ýylda Dialoga başlyklyk etmek Türkmenistandan Gazagystan Respublikasyna geçirildi. Şu mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažlisiniň Başlygynyň orunbasary Balaýim Kesebaýewa gutlanyp, oňa Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginde indiki ýyl alnyp baryljak işlerde uly üstünlik arzuw edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk etmeginde göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary derejede geçirilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

***

Şeýle hem şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahatyna gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Olar bu ýerde dürli görnüşli haly we haly önümleri, olaryň dokalyş aýratynlyklary, äpet el halylarynyň döreýiş taryhy, nagyşlary bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat
Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty açyldy
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ MEJLISINDE JEMLEÝJI RESMINAMA KABUL EDILDI
Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar