Aşgabatdaky kärhanada ýanwar aýynda 120 inedördül metr haly dokaldy

Aşgabatdaky kärhanada ýanwar aýynda 120 inedördül metr haly dokaldy

Ýanwar aýynda Aşgabadyň çeper haly kärhanasynyň hünärmeneri 120 inedördül metr haly önümlerini dokadylar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berýär.

Kärhanadaky dik enjamlaryň 20-sinde meýdany 2,5-dan 5 inedördül metre çenli bolan halylar dokalýan bolsa, 10 enjam çeper önümleri, haly portleridir peýzažlary dokamak üçin niýetlenendir.

Bulardan başga-da 7 enjamda ýadygärlik halylary dokalýar.

Gözbaşyny geçen asyryň 40-njy ýyllaryna çenli alyp gidýän bu kärhana geçen ýyl täzeden açylyp, ulanylmaga berildi. Onda 200-e golaý halyçy işleýär. Bu ýerde ýylda 1650 inedördül metre çenli haly dokamaga mümkinçilik bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda iri binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar
Türkmen halysy — akyl ýetirip bolmajak gözellik
Nowruz bereketi döwrüň bereketi
Nowruzym — gadymy Oguz baýramy
Halaçda tegelek haly dokalýar