Aşgabatdaky “Koton” dükany egin-eşikleriň täze güýz kolleksiýasyny hödürleýär

Aşgabatdaky “Koton” dükany egin-eşikleriň täze güýz kolleksiýasyny hödürleýär

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Koton” dükany egin-eşikleriň täze güýz kolleksiýasyny 30 göterim arzanladyş bilen müşderilerine hödürleýär.

“Berkarar” söwda dynç-alyş merkezinde ýerleşýän “Koton” dükanynyň dolandyryjysynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, dükanda egin-eşikleriň, aksessuarlaryň, atyrlaryň dürli görnüşleri satylýar.

Şeýle hem Aşgabatdaky “Koton” dükany egin-eşikleriň täze güýz kolleksiýasyndan galan ähli harytlara 70 göterim arzanladyş yglan edýär.

Mundan başga-da, dükanyň müşderileri öňünden hiç hili tölegsiz 6 aý garaşaryna dürli görnüşli harytlary satyn alyp bilerler.

“Koton” dükanynyň harytlaryny “Asmanexpress” online platformasynyň “Asmanshop” bölüminde satyn almak mümkinçiligi hem bolup, bu platformada kompaniýanyň harytlaryny satyn alan müşderilere 5 göterim cash back we 90 minudyň dowamynda mugt eltip bermek hyzmaty garaşýar.

“Asmanexpress” online platformasynyň üsti bilen alyjylar diňe bir “Koton” dükanynyň harytlanyny däl, eýsem, beýleki “Mavi”, “Koton kids”, “Avva” “Ramsey”, “Altınyıldız Classics”, “LC Waikiki”, FLO ýaly belli brendleriň harytlaryny hem sargty edip bilerler.

Türkmenistandaky “Koton” dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri, “Berkarar” söwda dynç-alyş merkeziniň 2-nji gaty

Telefon belgisi:

+993 61 64-39-96

Instagram: koton_turkmenistan

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky “LC Waikiki” dükanynda “1+1” teklibi dowam edýär
FLO-nyň Türkmenistandaky dükany müşderiler üçin täze teklipleri hödürleýär
LC Waikiki Asman Shop arzanladyş kartyna 15%-e çenli pul sylagyny hödürleýär
Hytaýda 66 Millionlyk Dinozawr Embriosy Tapyldy
Halkara 'Memorial international' guramasyny ýapmak boýunça sud diňlenişigi dowam edýär
Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary ýurduň adyny üýtgetmegi talap edýärler