Türkmen telekeçileri Beýik Britaniýada geçirilýän azyk önümleriniň halkara sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri Beýik Britaniýada geçirilýän azyk önümleriniň halkara sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri şu ýylyň 25-27-nji martynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçiriljek Beýik Britaniýanyň azyk önümleriniň we içgileriniň halkara sergisine (IFE 2024) gatnaşmaga çagyrylýar.

IFE 2024 halkara sergä bölek satuw, jemgyýetçilik iýmiti, myhmanhana işewürligi, lomaý satuw, distribýuter, import we eksport ýaly dürli pudaklardaky 27 müňden gowrak satyn alyjy bilen iş alyp barmak isleýän 1500-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

IFE 2024 azyk önümlerini we içgileri öwrenmäge, kompaniýalara öz önümlerini Beýik Britaniýanyň alyjylaryna hödürlemäge we geljekki ösüş hem-de üstünlik üçin täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döretjek giňişleýin platforma bolup hyzmat edýär.

Beýik Britaniýanyň azyk önümleriniň we içgileriniň halkara sergisi (IFE) Beýik Britaniýada azyk önümler we içgiler boýunça geçirilýän sergileriň iň ulysy bolup, ol “Tesco”, “Waitrose”, “J. Sainsbury’s”, “Asda”, “Marks and Spencer”, “Avenance”, “Compass” we “Sodexh” ýaly esasy bölek satuw ulgamynyň wekillerini özüne çekýär.

Bu sergi azyk we içgi öndürijilere we üpjün edijilere öz önümlerini halkara tomaşaçylar, şol sanda bölek satyjylar, restoranlar, myhmanhanalar hem-de beýleki azyk hyzmat ediş kärhanalar bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

IFE 2024 halkara sergide et, süýt, balyk önümleri, içgiler, çörek önümleri, konditer önümleri, gök önümler, miweler ýaly başgada dürli önümleriň görnüşeri sergilendiriler.

Kyrk ýyl mundan ozal esaslandyrylan IFE Beýik Britaniýanyň azyk önümler, içgiler, jemgyýetçilik iýmiti we myhmanhana işewürligi pudagy üçin iň abraýly çäredir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda LC Waikiki şereketiniň dükany açyldy, Russiýa ýörite uçuş amala aşyrylar, futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky çempionat başlandy, paýtagtyň teatrlary dynç günleri üçin taýýarlan repertuarlary bilen tanyşdyrdy we beýleki täzelikler
Aşgabatda dünýä belli Lc Waikiki haryt nyşanly egin-eşik dükany işe başlady
Hytaýda 66 Millionlyk Dinozawr Embriosy Tapyldy
Halkara 'Memorial international' guramasyny ýapmak boýunça sud diňlenişigi dowam edýär
Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary ýurduň adyny üýtgetmegi talap edýärler
Horwatiýanyň Rimac Nevara giperkary täze dünýä rekordyny goýdy