Aşgabatdaky SOKL çagalaryň biznes mekdebi täze okuwlara kabul edip başlaýar

Aşgabatdaky SOKL çagalaryň biznes mekdebi täze okuwlara kabul edip başlaýar

SOKL — Moskwanyň çagalar üçin niýetlenen liderlik we biznes mekdebi ýaş aşgabatlylary üstünlikli ýaşamak üçin zerur bolan köptaraply hem-de döwrebap bilimleri ele almaga ýardam etjek özboluşly okuwlara çagyrýar.

Okuw maksatnamasyna şular girýär:

- Soft Skills — aragatnaşyk endiklerini we liderlik häsiýetlerini ösdürmek;

- Köpçülikleýin çykyş etmek moduly çaga tomaşaçylaryň öňünde ynamly durmagy we olara pikirlerini ýetirmegi öwreder;

- Ýetginjekler üçin hünär ugrukdyrmasy — hünäri-käri oýlanyşykly saýlap almagyň dogry ýoludyr;

- Maliýe sowatlylygy —çykdajylary ýerlikli etmegiň ýoly, maýa goýmagyň esaslary, öz maliýe geljegiňi meýilleşdirmek.

Birinji okuwlar 16-njy martda Soft Skills modulyndan başlanýar.

SOKL merkeziniň wekiliniň belleýşi ýaly, bu okuw çaganyň netije çykarmak endiklerini ösdürmäge we özüni täsirli açyp görkezmegine kömek eder, şeýle hem toparlaýyn oýunçy hökmündäki häsiýetlerini güýçlendirer.

Soft Skills — bu çagalara liderligi we telekeçilik potensialyny ösdürmäge kömek edýän çeýe başarnyklaryň toplumydyr. Mundan başga-da, çagalar öz aralaryndaky gatnaşyklary sowatly gurmagy, gapma-garşylykly hem-de emosional ýagdaýlary çözmegi öwrenerler.

SOKL — şu hili aýratynlyklary bolan özboluşly bilim ulgamydyr:

- toplumlaýyn çemeleşme: toplumlaýyn bilim üçin aýlawly we özara baglanyşykly okuwlar;

- amaly taýdan ýöriteleşen: interaktiw usullary ulanyp bilimleri berkitmek.

- hyjuwlandyrma we goldaw: üstünlikleri höweslendirmek we her bir okuwçynyň ösüşini höweslendirmek.

Çagany Soft Skills okuwyna ýazdyrmak we okuwlar barada has giňişleýin maglumat almak üçin (+993 65) 81 54 82 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Sosial media ulgamyndaky sahypasy. Web saýty: sokl.school/ashgabat.

Ýene degişli makalalar

110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy
Ýetginjek taýboksçylar Türkmenistanyň kubogy ugrunda göreşdiler
Eýranda 18 Ýaşyndaky Ýetginjege 2 Gezek Ölüm Jezasy Berildi
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
11-nji oktýabr Gyz çagalaryň halkara güni
Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy - 2023-e gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi