Aşgabatlylar Mary žiwopis mekdebiniň ýaş nesliniň döredijiligi bilen tanyşdylar

Paýtagtymyzyň sergi merkezinde Marynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň işleriniň sergisi boldy.Zehinli nakgaşlaryň 14-si aşgabatlylara žiwopis, grafika, heýkeltaraşlyk, keramiki işleriň we gobelenleriň 230-syny görkezdiler.Mary mekdebine mahsus üýtgeşik çeper tilsimler, ekletizm we reňklere baýlyk tomaşaçylary özüne çekýän milli žiwopisiň tanalýan ýörelgesine öwrüldi.

Bu işler bilen tanşanyňda diňe bir nakgaşlaryň döredijiligine däl-de, eýsem sungatyň estetiki täsiriniň güýjüne baha berýändigiňe düşünýärsiň.Sergä sýurrealizm usulynda suratlar tapgyryny getiren Gunça Ýazmuhammedowa çagalarda daş-töwerege özboluşly, üýtgeşik garaýşy ösdürýän bolmaly.

Onuň eserleriniň arasynda “Tumar” we “Zenan” işleri has-da ünsüňi özüne çekýär.Bu suratlaryň ýordumy oňa düşünmegiň çäklerini giňeldýär, assosiatiw pikirleri baýlaşdyrýar.Gunçanyň her bir işi durşuna syr, nakgaş okuwçylaryny-da, žiwopis muşdaklaryny-da ony çözmäge çagyrýar.

Begmyrat Muhammedowyň “Köýtendag” suraty hem ünsüňi özüne çekýär.Dag şaglawugy, altynsow öwüsýän çal gaýalar, daşlaryň depesinden şaglap inýän süýt reňk-ak suw akymy az reňk ulanylyp çekilipdir.Onuň syry nämede?

Begmyratdan sapak alýanlar munuň çözgüdini tapsalar gerek.Allaberdi Öwezberdiýewiň “Obadaşlar” suraty hem özboluşly çykypdyr.Suratyň Gün şöhlesine çoýunyp oturan gahrymany hoşgöwün kişi myhmansöýerligiň nyşany bolan ojagyň, gazanyň we jürdegiň ýanynda şekillendirilipdir.

Eser adaty zatlaryň gözelligini görmäge, ýörelgeler ruhuny duýmaga çagyrýar.A.Amannyýazowanyň “Guşly etýud” suraty-da şol äheňde çekilipdir.Onuň awtory bir gezek köne öýüň howlusynyň aňyrky burçuna baranda käsi eýýäm ýapraklaryndan jyda düşen, käbiri bolsa henizem altynsow lybasyna bürenip oturan daragtlaryň arasynda guşlaryň şadynýan dawajyklarynyň şaýady bolupdyr.

Etýudyň her bir böleginiň köne haýadyň, tok siminiň üstündäki serçeleriň “ýygnagynyň” ...howla nur çaýýan mähirli Güneş nurunyň söýgi bilen çekilişi haýran edýär.Abdylla Yklymow sergä “Gyrkym” suratyny hödürläpdir, onda bu işe gatnaşýan tutuş maşgala şekillendirilipdir.

Bu irnik iş kyn bolsa-da, ony şähdaçyk ýerine ýetirýärler, çagalaram goja gyrkymça uly höwes bilen kömekleşýärler.Altyn Akmyradowanyň şahyranalyga ýugrulan “Güýz” suratynda inçebil gelin sahawatly tebigatyň miwelerini eline alyp dur.

Suratyň ýarym tonlary we impressionizme mahsus usuly gelinde näzik hem-de ajaýyp peri bien meňzeşlik döredýär.Altyn Akmyradowanyň tanalýan tilsimi onuň “Şerbetler” işinde-de göze ilýär.Suratlaryň arasynda näme umumylyk barka? -- diýýärsiň.

Güýz we durmuşy manzaryň göçme manysyny agtarýarsyň. “Şerbetler” suratynda-da, ady ýönekeý bolsa-da, manzara nepis şahyranalyk berýän nakgaşyň inçe duýgularynyň beýany duýulýar.Halk-amaly döredijiligi işleriniň arasynda üç gojanyň şekili aýratyn ýatda galýar.

Keramikaçy Begmyrat Muhammedow işine “Babalar” diýip at dakypdyr. Ýaşulylaryň üýtgeşik keşbinde duýgy baýlygy aňlanýar. Ýeserje bakyşy, jaýtyja murty we ýaşyna mahsus kaddy-kamaty gojalaryň toýundan ýasalan keşbine aýratyn mähir çaýýar. “Beýle üýtgeşik ýaşulylara nirede duşdyň?” diýlen sowala Begmyrat Muhammedow oba durmuşyna köp syn edýändigini we öz täsirlerini şeýle göwnaçyk adamlaryň şekilinde beýan edýändigini aýdýar.

Hyýaly keşpleriň şeýle tanyş bolşuna haýran galýarsyň.Aslynda, sungatyň jadysam, onuň filosofiki gizlin manysam şunda ahyry...Nakgaş Jahan Hanowa sergi barada şeýle pikir ýöredýär: -Maňa güýçli täsir eden serginiň manysyna dünýäni söýmek we ony bezemek sungaty- diýip düşünýärin.

Döredijiligiň bir ugry bilen däl-de, eýsem şekillendiriş sungatyny ösdürmäge ekletiki garaýşy, täzeçilligi we žiwopis tilsimleriniň üýtgeşikligi bilen tapawutlanýan pikirdeşleriň bardygy begendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi
Arkadag toparynyň baş tälimçisi Türkmenistanyň kubogynda Altyn asyr bilen bolan duşuşyk barada pikirlerini beýan etdi
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmenistan we Täjigistan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrýar