Türkmenistan we Täjigistan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrýar

Türkmenistan we Täjigistan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Begmyrat Muhammedow Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandogan Majlisiniň Halkara meseleler, jemgyýetçilik bilen arabaglanyşyk we maglumatlar Komitetiniň başlygy Saidmurod Fattohzoda bilen duşuşdy. Bu barada Howar täjik neşiri habar berdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar 1993-nji ýylda gol çekilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teswirnama esaslanýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berk syýasy binýadynyň bardygyny bellediler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm waka öwrülen döwlet Baştutanlarynyň özara resmi saparlary barada hem aýratyn durlup geçildi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň Liderleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň çäginde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär.

Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisi bilen Türkmenistan Mejlisiniň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk toparlary hereket edýär.

Bu toparlar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşýarlar. Umuman aýdylanda, Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar oňyn ugurda yzygiderli ýokarlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan we Täjigistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň gerimini giňeldýärler.

Taraplar duşuşygyň dowamynda Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalaryň Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşine goşant goşýandygyny belläp geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyz Rustam Emomali bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
ЗАВЕРШИЛСЯ ГОСУДАРСТВЕННЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В РЕСПУБЛИКУ УЗБЕКИСТАН
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň bilelikdäki Beýannamasy