Astronawt Jessika Watkins taryha girdi

“SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” raketasy bilen uçurylan “Freedom” atly kapsula Halkara kosmos bekedine baryp ýetdi.Kosmos gämisinde dört astronawtyň biri bolan Jessika Watkins Halkara kosmos bekedine uzak wagtlyk baran ilkinji garaýagyz zenan hökmünde adyny ýazdyrdy.

Kosmosa syýahat 16 sagat dowam etdi.Bu uçuş hem iň uzak dowam eden uçuş hökmünde hasaba alyndy.Beketdäki beýleki astronawtlar täze baran kärdeşlerini garşy aldylar. Şeýlelikde, ol ýerdäki astronawtlaryň sany 11-e ýetdi.

Maý aýynda olaryň sany ýene-de azalar. Üçüsi NASA-nyň, biri Ýewropa Kosmos agentliginiň astronawty bolan jemi dört astronawt noýabr aýynda Ýere gaýdyp geler.

Kosmos bekedi esasy iki bölekden ybarat bolup, ýarysy Russiýa beýleki ýarysy Ýaponiýa, ABŞ, Kanada we Ýewropa ýurtlaryna degişli. Adatça kosmos bekediniň her böleginde üçden, jemi alty kosmonawt bolýar. Emma soňky ýyllarda bu beket syýahatçylyk maksady bilen hem ulanylyp başlandy. 9-njy aprelde amerikaly, kanadaly hem-de ysraýylly üç kosmos syýahatçysy bekede barypdy.

Ýene degişli makalalar

26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy
26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda
Aşgabatda Ahal-teke atçylyk birleşiginiň mejlisi geçirildi, synçylar atlaryň 'syýasatyň pidasy' bolandygyny aýdýarlar
Kino täzelikleri
Dört ýyldan soň, ilkinji çempionlyk