Kino täzelikleri

Kompýuter oýunlary esasynda ekranlaşdyrylýan filmleriň hataryna ýene biri goşular.Häzirki wagtda köpler tarapyndan oýnalýan oýunlaryň biri bolan “Uncharted” wideo-oýny esasynda hem film surata alnar.Baş keşpde, ýagny Natan Dreýkiň keşbinde Tom Hollandyň surata düşjek kinosyna Trewis Naýt režissýorlyk eder.

Golaýda bu filmiň artistleriniň hataryna meşhur aktýor Mark Wolberg hem goşuldy.Ol Wiktor Salliwanyň keşbini janlandyrar.Filmiň 2021-nji ýylda görkezilmegine garaşylýar.

Golliwudyň meşhur aktýory Keanu Riwesiň iki filmi bir günde prokata çykar.Ussat artistiň “Matrisa 4” hem-de “Jon Wik 4” atly kinolary 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda halk köpçüligine ýetiriler.

Bu barada iki filmi hem öndüriji “Warner Bros.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan habar berildi.Başgaça aýdylanda, şol gün Neo (aktýoryň “Matrisa” filmindäki keşbi) bilen Jon Wik (aktýoryň “Jon Wik” filmindäki keşbi) prokatda göreşer. 55 ýaşyndaky aktýor häzirki wagtda “Matrisa 4” filminiň surata düşüriliş işlerine gatnaşýar.

Eýýämden Keanu Riwesiň muşdaklary artistiň haýsy filmine ilki tomaşa etmelidigi barada gürrüňlere başladylar.

Oskar baýragyna 2 gezek dalaşgär görkezilen owadan aktrisa Jessika Çesteýniň nobatdaky kinosy “Losing Clementine” bolar. Çesteýn täze surata düşjek filmde Klementin Pritçard atly dünýä belli sungat işgäriniň keşbini ýerine ýetirer. Eşli Rimiň adybir romany esasynda ekranlaşdyryljak filme Lusiýa Puenzo režissýorlyk eder. Filmiň edebi esasyny Enn Çerkis ýazar. Ekran eseriniň 2021-nji ýylda görkezilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

“Mortal Kombat” filminiň goýberiljek senesi mälim edildi
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Aziýa kubogynyň açylyş duşuşygynda Katar Liwany uly hasap bilen ýeňdi
Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary
Katar 2022-niň ilkinji iň uly sýurprizi
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary