Dört ýyldan soň, ilkinji çempionlyk

Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinde geçirilen “ASB Classic” tennis ýaryşynda amerikaly Serena Williams ýeňiji boldy. 38 ýaşyndaky tennisçi finalda watandaşy Jessika Pegulany 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňip, karýerasyndaky 73-nji WTA çempionlygyny gazandy.

Bu eje bolanyndan soňky ilkinji çempionlygydyr. 2017-nji ýyldan bäri ilkinji kubogyny asmana göteren Serena Williams bäsleşikden gazanan 68 müň dollarlyk pul baýragyny Awstraliýanyň ýangyna garşy göreş gullugynyň haýryna geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Oskar — 2022 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy
Türkmenistanda metjitler açylýar, Owganystandaky maşgalalara ynsanperwer kömekler berilýär, Turkish Airlines 8-nji aprelde ýörite uçuş amala aşyrar we beýleki täzelikler
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Şwentek möwsümi jemledi