Oskar — 2022 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Oskar — 2022 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Los Anjeles şäherindäki Dolby teatrynda Oskar baýraklarynyň 94-nji gezek gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada mail.ru habar berýär.

Habarda beýan edilişi ýaly, Will Smit şu ýyl Şa Riçard filmi üçin iň gowy aktýor baýragyny aldy. Bu film tennisçiler Wenera we Serena Williamsyň kakasyna bagyşlanýar.

Aktrisa Jessika Çesteýn Temmi Feýiň gözleri atly film üçin iň gowy aktrisa baýragyna mynasyp boldy.

Jeýn Kampiona bolsa Itiň güýji atly filmi üçin iň gowy režissýor baýragy gowşuryldy.

Dýun atly filme alty ugurdan Oskar baýragy gowşuryldy. CODA: ker ene-atanyň perzendi atly film bolsa iň gowy film baýragyna mynasyp görüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda metjitler açylýar, Owganystandaky maşgalalara ynsanperwer kömekler berilýär, Turkish Airlines 8-nji aprelde ýörite uçuş amala aşyrar we beýleki täzelikler
Säheriň sport täzelikleri
Dört ýyldan soň, ilkinji çempionlyk
Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy
Filmlerde çagalary bilen surata düşen ýyldyz artistler
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi