Ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty şöhlelendirildi

Ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty şöhlelendirildi

Şu gün Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi türkmen taryhyna uly buýsanç bilen ýazylýar. Ine, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli sergi meýdançasynda hem ýaş watançylaryň mertligi, gaýduwsyzlygy, lebiz-ygrary aýdyň duýulýar.

Häzirki wagtda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinanyň ileri tutulýan wezipelerinden ugur alyp, edermen Watan goragçylary ýurduň parahatçylygyny we asudalygyny, halkyň abadan durmuşyny üpjün edýärler. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, durmuş maksatly meseleleri çözmek maksady bilen, bu edaralar üçin döwrebap toplumlar, düzümleriň gullukçylary üçin amatly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär.

Merdana Watan goragçylarynyň harby borçlaryny mynasyp ýerine ýetirmekleri, dynç almaklary, ylymda, bilimde ajaýyp üstünlikleri gazanmaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär.Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylan şeýle belent maksatly başlangyçlar harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sergi meýdançasynda mynasyp şöhlelendirildi.

Hakykatdanam, bu günki halkara sergi watansöýüji ýaşlaryň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşýan mynasyp goşantlaryny beýan edýän işleri özünde jemleýär.Hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylyşy ýaly: Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan bu halkara ylmy-amaly maslahat we sergi biziň ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de tejribeleriniň ýokary bahalara mynasyp bolýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Bular barada multimedia bölüminden degişli suratlary synlap bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

Watan üçin söweşen gerçekler
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
Atym bar ganatym bar
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Bedew waspy
Merdana kalplarda watansöýüjiligi döreden dabara