Audi täze konseptual elektromobilini hödürledi

Audi täze konseptual elektromobilini hödürledi

Audi nemes kompaniýasy A6 Avant e-tron konseptual elektriki uniwersalyny hödürledi. 17-nji martda brendiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, modeliň daşky görnüşi 2021-nji ýylda hödürlenen liftbek A6 e-tron-y gaýtalaýar. Tehniki taýdan iki ulagam giňden unifisirlenen. Uniwersal kuwwaty 270 kWt bolan zarýady saklaýar, ýöreýiş ätiýajy 700 km-e ýetýär.

Modeli täze elektromobilleriň markasy üçin işlenip taýýarlanan Premium Platform Electric (PPE) platformasynda gurlan. Iki elektromotor bilelikde 476 l.s. berýär. Konsepti adaptiw amortizatorly pnewmopodweskany aldy. Yzygiderli ýagdaýda çykaryljak elektromobiller öňi ýa-da yzy herekete getirijili, bir ýa-da iki elektromotorly we dürli sygymdaky batareýaly bolar. Audi A6 e-tron Ýewropa bazarynda 2023-nji ýylda peýda bolar.

Ýene degişli makalalar

Tesla-nyň bazary ösýär
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
KELEMI KÖPRÄK IÝIŇ!
Pagta ýagyny efir ýaglary bilen baýlaşdyrmagyň usullary
Galmygystandaky ýol hereket wakasynda Türkmenistanly bir student aradan çykdy we ýenede üçüsi hassahana ýerleşdirildi
Türkmenistanly futbol eminleri AFK-nyň onlaýn okuw-maslahatyna gatnaşar
Suwasty maglumat geçiriji gurlar