Awaza bilen Horezmiň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň geljegi öwrenilýär

Awaza bilen Horezmiň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň geljegi öwrenilýär

Türkmenistan we Özbegistan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda özara syýahatlary guramak maksady bilen hyzmatdaşlyk maksatnamasyny döretmek mümkinçiligini öwrenýärler. Bu barada Özbegistanyň “yuz.uz” agentligi habar berdi.

Bu maksatnamany taýýarlamak we oňa gol çekmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler 2024-nji ýylyň 31-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Hywa şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň 12-nji mejlisiniň çäginde gurnalan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hywa şäherinde geçirilen mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem Syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň 12-nji mejlisinde zyýarat, lukmançylyk we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmäge gönükdirilen kararlar kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Özbegistan Awaza-Horezm syýahatçylyk hyzmatdaşlygy maksatnamasyny işläp düzmekçi
Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
Aşgabatda Ýewropa sazy ýaňlandy
Türkmen wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasyna gatnaşýar
Aşgabatda Diwali hindi baýramy bellenildi
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi