Türkmenistan we Özbegistan Awaza-Horezm syýahatçylyk hyzmatdaşlygy maksatnamasyny işläp düzmekçi

Türkmenistan we Özbegistan Awaza-Horezm syýahatçylyk hyzmatdaşlygy maksatnamasyny işläp düzmekçi

Türkmenistan we Özbegistan Awaza milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyny döretmek mümkinçiligine garaýar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu başlangyç Hywa şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň Yslam maslahatynyň XII mejlisinde beýan edildi. Hywa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi.

Çärä Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu hyzmatdaşlyk maksatnamasy Awaza milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda özara syýahatlary ýola goýmagy maksat edinýär.

Maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Huseýn Ybrahim Taha, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Husraw Noziri, Bilim, Ylym we Medeniýet Yslam Guramasynyň baş müdiri Salim al-Malik, YHG-a agza ýurtlaryň 57-siniň syýahatçylyk ministrleri we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

YHG-nyň syýahatçylyk ministrleriniň Yslam maslahatynyň XII mejlisi Syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşi temasyndan geçirildi. Mejlisde zyýarat, lukmançylyk we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmäge gönükdirilen rezolýusiýalar kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
10-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan bilen Müsüriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşdylar
10-njy noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Russiýa Federasiýasyna täze ilçi bellendi
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek teklip edildi