Awazada türkmen türgenlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Awazada türkmen türgenlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Şu gün - 3-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Awaza sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda iri sport ýaryşlarynda — Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça guralan Ýüpek ýoly — 2022 atly halkara ýaryşda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistan gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda şu günler zähmet rugsadynda bolýan ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary Diýarymyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitleri we gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Çäräniň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medallara mynasyp bolan türgenler Medine Amanowa hem-de Saparly Muhyýew, Russiýa Federasiýasynda guralan Ýüpek ýoly — 2022 halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew bar.

Türgenlere dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerine döwlet Baştutanynyň adyndan Nissan Pathfinder sport awtoulagynyň açarynyň berilmegi bolsa türgenlerde aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi.

Ýene degişli makalalar

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
7-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
31.08.2018 | Türkmen topary “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýar