Awstraliýada dünýäniň iň uly radioteleskopynyň gurluşygy başlandy

Awstraliýada dünýäniň iň uly radioteleskopynyň gurluşygy başlandy

SKA taslamasyna gatnaşyjy ýurtlar adybir radioteleskopyň gurluşyk taslamasyny resmi taýdan tassykladylar we gurluşyga başlandy. Ol Günbatar Awstraliýada ýerleşer, onuň gurluşygyny 2028-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär diýip, Ýewropanyň astronomiýa bileleşiginiň (EAS) her ýylda geçirilýän ýygnagynda taslamanyň ýolbaşçylary aýtdylar. Bu barada TASS habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, geçen hepde SKA obserwatoriýasyna agza ýedi ýurduň ählisi Awstraliýa, Hytaý, Italiýa, Niderlandlar, Portugaliýa, GAR we Beýik Britaniýa gurluşyk meýilnamalaryny resmi taýdan tassykladylar hem-de radioteleskopyň gurluşygy we ulanyşa girizilmegi üçin jemi 2 mlrd ýewro bermäge razy boldular.

Merçison obserwatoriýasynyň çäginde işler eýýäm başlady, ýöne doly derejeli gurluşyk indiki ýylyň başynda SKA agza ýurtlaryň kärhanalary we ylmy merkezleri bilen şertnama baglaşylandan soň başlar.SKA-nyň Awstraliýa böleginiň gurluşygyny 2028-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilen.

Alymlaryň pikiriçe, obserwatoriýa ilkinji ylmy maglumatlary birnäçe antennalar we maglumatlary gaýtadan işleýiş ulgamy işe girizilenden soň, ýakyn ýyllarda kabul edip başlar.Obserwatoriýanyň gurluşygy tamamlanandan soň, alymlar onuň azyndan 50 ýyl işlejekdigine ynam bildirýärler.

Ýene degişli makalalar

Halypa çapyksuwar awtoulag bilen sylaglandy
Mary atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygy geçirildi
Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr
Mary welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi
Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr
Rus banklarynyň 12-si sanly rubly synagdan geçirýär