Mary welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Mary welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi

22-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, Marynyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary geçirildi.

Ýaryşyň meýilnamasyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda ýetginjek çapyksuwarlaryň, uly ýaşly çapyksuwarlaryň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda 8 çapyşyk girizildi.Baýramçylyk ýaryşlarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi S.Kuljanow mynasyp boldy.Soňra Mary welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII maslahat geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Halypa çapyksuwar awtoulag bilen sylaglandy
Mary atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygy geçirildi
Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr
Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr
Rus banklarynyň 12-si sanly rubly synagdan geçirýär
Awstraliýada dünýäniň iň uly radioteleskopynyň gurluşygy başlandy