Rus banklarynyň 12-si sanly rubly synagdan geçirýär

Rus banklarynyň 12-si sanly rubly synagdan geçirýär

Russiýada karz edaralarynyň 12-si sanly rubl ulgamyny synagdan geçirip başlar. Sanly rubl üçin prototip platformasynyň ösüşi şu ýylyň dekabrynda tamamlanar we synag taslamasy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlar.

Ulgam VTB, Sberbank, Bank Dom.RF, Alfa-Bank, Tinkoff Bank, Promsvyazbank, Gazprombank, Ak Bars, SKB-Bank, Rosbank, "Bank Soyuz" we "TKB bank” banklaryň gatnaşmagynda birnäçe tapgyrda synag ediler.

Merkezi bankyň başlygynyň birinji orunbasary Olga Skorobogatowanyň sözlerine görä, synag “ýylyň dowamynda birnäçe tapgyrda geçiriler. Bu işiň netijelerine esaslanyp, sanly rubly ornaşdyrmak üçin ýol kartasy dörediler".

Ixbt.com neşiriniň habaryna görä, birinji tapgyrda sanly rubl we başga-da birnäçe amal meselesini barlamak meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Halypa çapyksuwar awtoulag bilen sylaglandy
Mary atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygy geçirildi
Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr
Mary welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi
Ahalteke bedewleri gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr
Awstraliýada dünýäniň iň uly radioteleskopynyň gurluşygy başlandy