Awstraliýalylar Roždestwo baýramyna 66 milliard dollar sarp etmekçi

Awstraliýalylar Roždestwo baýramyna 66 milliard dollar sarp etmekçi

Awstraliýalylar öňdäki Roždestwo baýramyny garşylamaga eýýämden taýýarlyk görüp başladylar. Söwda merkezlerinde ýurtda hümmetsizlenmäniň ýokarlanýandygyna garamazdan, uzyn nobatlar ünsüňi çekýär, adamlar Täze ýyl baýramyny oňat garşylamak üçin tygşytlamak islemeýärler diýip, Habar 24 ýazýar.

Seljerijileriň bahalaryna görä, awstraliýalylar bu ýyl baýramçylyga 66 milliard dollardan hem köp pul harçlarlar. Bu geçen ýyldakydan iki milliard köpdür. Adatça baýramçylyklaryň öňýany iri riteýlerler uly arzanlaşyklary geçirýärler, bu bolsa müşderilere tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu ýyl ýerli ilatyň sap ediş çykdajylary rekord derejä çykdy.

Şol bir wagtda geçen oktýabr aýynda Awstraliýada hümmetsizlenme 32 ýylda iň ýokary derejä ýetdi diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedowa Patriarh Kirillden gutlag haty geldi
80 müň çüýşeden guralan Täze ýyl arçasy
Liwanda 80 müň çüýşeden Täze ýyl arçasyny ýasadylar
Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildi
Ýewropanyň meşhur Täze ýyl bazarlary
Germaniýada Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşy geçdi