Serdar Berdimuhamedowa Patriarh Kirillden gutlag haty geldi

Serdar Berdimuhamedowa Patriarh Kirillden gutlag haty geldi

Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy Kirill Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlag iberdi. Türkmenistan gazetinde çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täze ýyl — Roždestwo baýramlarynyň bellenilýän döwri hemişe adamlarda oňyn özgerişliklere garaşmak, kynçylyklary we synaglary üstünlikli ýeňip geçmek baradaky umydy döretmek bilen baglanyşyklydyr.

Rus prawoslaw ybadathanasy bilen döwlet häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň döwürdeşlerimiziň durmuşynda hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, rehimdarlyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga möhüm goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, köňül rahatlygyny, rowaçlyk arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Lawrow: "Günbatar Russiýa garşy gibrid söweş başlatdy" diýdi
ÝB rus prawoslaw buthanasynyň patriarhy Kirilli sanksiýa sanawyna girizmegi meýilleşdirýär
Russiýa: "Od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünini berjaý etmäge dowam ederis" diýdi
Turkmenportalda PRO100 TECH tehno synynyň ilkinji sany ýerleşdirildi
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi