Awstraliýanyň Häkimiýeti ikinji gezek Nowak Jokowiçiň wizasyny ýatyrdy

Awstraliýanyň Häkimiýeti ikinji gezek Nowak Jokowiçiň wizasyny ýatyrdy

Awstraliýanyň Hökümeti tennisçi Nowak Jokowiçiň wizasyny ikinji gezek ýatyrdy. Dünýä sanawynda ilkinji belgili tennisçi ýene-de ýurtdan çykarylyp bilner diýip, Euronews habar berýär.

Immigrasiýa ministri Aleks Houk anna güni jemgyýetçiligiň bähbidine 34 ýaşly serbiýaly türgeniň wizasyny ýatyrandygyny habar berdi.Jokowiçiň aklawjylary bu karary kazyýete bermek isleýärler.Jokowiç Melburna geleni bäri onuň wizasy eýýäm ikinji gezek ýatyryldy.

Awstraliýada türgen Australian Open ýaryşynyň ýeňijisi adyny goramagy meýilleşdirýärdi. 6-njy ýanwara geçilýän gijede Awstraliýa gelende 34 ýaşly serbiýaly türgen sanjym almakdan saklaýan lukmançylyk güwänamasy zerarly mesele bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Serhet gullugy COVID-19-a garşy sanjym almaga garşy görkezilen delilleri ýeterlik hasaplamady.Jokowiç karantin myhmanhanasyna ýerleşdirildi.Dawa işinden soň türgeniň wizasy ýatyryldy, türgeniň özüne bolsa ýurtdan çykmalydygy barada duýduryş berildi.

Jokowiç serhet gullugynyň çözgüdine garşy çykyp, Awstraliýanyň Federal kazyýetine ýüz tutdy we kazyýet işinde ýeňiş gazandy.Tennisçi karantin myhmanhanasyny terk edip, hatda türgenleşik hem geçirdi.Emma onuň ýaryşa gatnaşmagy ýene-de sorag astynda galdy.

Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionaty (Australian Open) Uly tuwulganyň dört ýaryşynyň biridir. Ýaryşlaryň birinji tapgyry şu ýylda 17-nji ýanwarda geçiriler. Şol gün ýaryş tertibinde Jokowiçiň beýleki bir serbiýaly türgen Miomir Kesmanowiç bilen ýaryşy meýilleşdirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenildi, Serdar Berdimuhamedow floty giňeltmegi tabşyrdy, Raşid Meredow Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak meselesini öwrenmegi teklip etdi we beýleki habarlar
Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi
Kazyýet Jokowiçiň arzasyny ret etdi. Türgen Awstraliýadan gaýtmaly bolar
Jokowiç sanjym almak islemeýändigi sebäpli Monrealdaky ýaryşa gatnaşyp bilmez
Jokowiç US Open-e gatnaşmajakdygyny habar berdi
Nowak nobatdaky rekordy täzeledi