Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi

Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi

Aşgabat wagty bilen 13-nji ýanwardan 14-nji ýanwara geçilen gijede Melburn şäherinde tennis boýunça Uly tuwulga tapgyryna girýän Awstraliýanyň açyk çempionatyna badalga berler.

Eýýäm ýaryşyň ilkinji gününde häzirki çempionlar Arina Sobolenko bilen Nowak Jokowiç korta çykar.

Jokowiçiň başkangyç duşuşygyny horwatiýaly Dino Prižmiç bilen geçirmegine garaşylýar. Ýakynda bileginden şikes alan Nowakyň ýaryşda görkezip biljek netijeli şübheli. Onuň çempionlyk üçin esasy dalaşgärleri bolan ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras bilen russiýaly Daniil Medwedew bolsa Awstraliýanyň açyk çempionatyndan öň resmi ýaryşlara gatnaşmady.

Dünýäniň ikinji raketkasy Arina Sobolenkonyň esasy garşydaşy hökmünde germaniýaly ýaş zehin Ella Zaýdel görkezilýär.

Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionaty 14-nji ýanwarda başlanyp, 28-nji ýanwarda tamamlanar. Şu ýyl ýaryşyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi. Munuň özi geçen ýyldakydan 13 göterim kändir.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýaly tennisçi ýylyň iň köp pul gazanan tennisçileriniň onlugyndan orun aldy
Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenildi, Serdar Berdimuhamedow floty giňeltmegi tabşyrdy, Raşid Meredow Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak meselesini öwrenmegi teklip etdi we beýleki habarlar
Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary
Rolan Garros: ýarym finaldaky ilkinji braziliýaly tennisçi boldy
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Katara geldi, Türkmenistanda RF-niň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin resminamalary kabul etmegiň möhletini uzaltdy, pagta ekişiniň başlanmagy, ýazky dynç alyş döwri we beýleki habarlar
WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy