17 ýyl garaşdyran 18-nji çempionlyk

Tennis boýunça zenan ýygyndylaryň arasynda geçirilýän FED kubogynda ABŞ-nyň topary ýeňiş gazandy.Olar Belarusyň paýtagty Minskde oýnalan finalda ýer eýelerini 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 17 ýyldan soň, 18-nji çempionlygyna mynasyp boldy.

ABŞ-nyň düzüminde Koko Wandewege, Sloane Stefens, Şelbi Rojers hem-de Alison Riske, ilkinji gezek finala çykan Belarusyň ýygyndysynda-da Arina Sobolenko, Aleksandra Sasnowiç, Wera Lapko, Olga Goworsowa dagy çykyş etdi.

Wandewege Sasnowiçden 2:0 (6:4, 6:4), Sobolenko bolsa, Stefensi 2:1 (6:3, 3:6, 6:4) hasabynda ýeňýär. 34-nji duşuşyklarda her topar 1 gezek ýeňiş gazanýar we hasap deňlenýär. Ýagny Wandewege Sobolenkony 2:0 (7:6, 6:1), Sasnowiçem Spefensi 2:1 (4:6, 6:1, 8:6) hasabynda utýar. Çempiony kesgitlän jübütleriň oýnunda-da RojersWandewege ikisi belarusly SobolenkoSasnowiç ikisinden 2:0 (6:3, 7:6) üstün çykýar. Şeýlelikde, ABŞ-nyň ýygyndysy 17 ýyldan soň, FED kubogynda 18-nji çempionlygyny gazanýar.

Amerikaly tennisçi zenanlar bu ugurda öňdeligi eýeleýärler. 2-nji basgançakdaky çehleriň 10, 3-nji orundaky awstraliýalylaryň 7 çempionlygy bar.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýaly tennisçi ýylyň iň köp pul gazanan tennisçileriniň onlugyndan orun aldy
TENNIS TÄZELIKLERI
Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary
2,5 ýyldan soňky ilkinji çempionlygy
Ikinji ýüzlüge-de başlady
Dünýäniň ilkinji raketkasy Eşli Barti Maýamide geçirilen WTA ýaryşda ýeňiji boldy