Merkezi Aziýaly tennisçi ýylyň iň köp pul gazanan tennisçileriniň onlugyndan orun aldy

Merkezi Aziýaly tennisçi ýylyň iň köp pul gazanan tennisçileriniň onlugyndan orun aldy

2023-nji ýylyň tennis möwsümi tamamlandy. Şoňa laýyklykda, sports.ru saýty tamamlanan tennis ýylynda möwsümiň iň köp pul sylagyny gazanan tennisçileriniň sanawyny mälim etdi. Sanawda Merkezi Aziýa wekilçilik edýän tennisçi hem orun aldy. Has takygy, gazagystanly Ýelena Rybakina ýylyň iň köp pul gazanan tennisçileriniň sanawynda dokuzynjy orny eýeledi.

Sanawyň ilkinji orny serbiýaly Nowak Jokowiçe degişli. Şeýle-de güýçli üçlükden ispaniýaly Karlos Alkaras we polşaly Iga Swýontek hem orun alypdyr.

Aşakda, möwsümiň iň köp pul sylagyny gazanan tennisçileriniň ilkinji onlugy bilen tanşyp bilersiňiz:

1. Nowak Jokowiç (Serbiýa) — 15 million 952 müň 44 amerikan dollary;

2. Karlos Alkaras (Ispaniýa) — 10 million 753 müň 431 amerikan dollary;

3. Iga Swýontek (Polşa) — 9 million 857 müň 686 amerikan dollary;

4. Daniil Medwedew (Russiýa) — 9 million 239 müň 679 amerikan dollary;

5. Ýannik Sinner (Italiýa) — 8 million 349 müň 392 amerikan dollary;

6. Arina Sobolenko (Belarus) — 8 million 202 müň 653 amerikan dollary;

7. Koko Gauff (ABŞ) — 6 million 669 müň 622 amerikan dollary;

8. Jessika Pegula (Italiýa) — 5 million 967 müň 890 amerikan dollary;

9. Ýelena Rybakina (Gazagystan) — 5 million 493 müň 437 amerikan dollary;

10. Andreý Rublýow (Russiýa) — 5 million 488 müň 934 amerikan dollary.

Ýeri gelende bellesek, ýokardaky maglumatlar tennisçileriň diňe ýaryşlarda gatnaşmak arkaly gazanan pul sylaglarynyň hasabydyr. Ýagny sanawda görkezilen pul möçberlerine mahabatdan we beýleki goşmaça girdejiler degişli däl.

Ýene degişli makalalar

17 ýyl garaşdyran 18-nji çempionlyk
Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi
Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy
Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary
WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Katara geldi, Türkmenistanda RF-niň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin resminamalary kabul etmegiň möhletini uzaltdy, pagta ekişiniň başlanmagy, ýazky dynç alyş döwri we beýleki habarlar