Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary

Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary

Futbol / MMA. Ispaniýanyň Real Madrid kluby UFC-niň pälwany Iliýa Topuriýany ýarym ýeňil agram derejesindäki çempionlygy bilen gutlady.

MMA. UFC-niň ozalky çempiony Aleks Wolkanowski Iliýa Topuriýanyň güýjüne: Ondan nämedir bir zatlary alyp goýup bolanok. Eger ol urgy etse ýykylarsyňyz, başga ýoly ýok diýip jogap berdi.

Boks. WBC-niň guşagynyň eýesi Taýson Fýuri Aleksandr Usik bilen boljak tutluşygyň türgenleşiklerine başlady.

Futbol. Milanyň hojaýyny Žerri Kardinale klubyň tomusda transer üçin 100 million ýewro harçlamaga taýýardygyny aýtdy.

Futbol. Barselona Hwiça Kwarasheliýa üçin Napola 100 million ýewro çenli tölemäge taýýar.

Tennis. Dohada geçirilen halkara ýaryşdan soň zenanlaryň reýtingi täzelendi. Täze reýtingde ilkinji üç orunda üýtgeşme ýok. Iga Swýontek (Polşa) birinji, Arina Sobolenko (Belarus) ikinji, Kori Goff (ABŞ) üçünji orunda. Ýaryşyň finalçysy Ýelena Ribakina (Gazagystan) dördünji orna göterildi. Bu ornuň ozalky eýesi, amerikaly tennisçi Jessika Pegula bolsa bäşinji orna düşdi.

Futbol. Brentforduň hüjümçisi Aýwen Touni bilen Wulhemptonyň ýarymgoragçysy Pedru Netuni Arsenalyň tomusda esasy satyn almak isleýän oýunçylary.

Formula-1. Mersedes topary 2024-nji ýyldaky ýaryşlara gatnaşjak ulagy bilen tanyşdyrdy. Toparyň sürüjileri Lýuis Hemilton bilen Jorj Rasseldir.

MMA. Islam Mahaçýew Aleks Wolkanowskä tutulyşyndan soň: Aleks, gürrüňsiz, ýarym ýeňil agram derejäniň iň beýik çempionlarynyň biri. Başyňy göter we güýçli bolup dolan! diýip, göwünlik berdi.

Futbol. La Ligada Atletiko Žironany 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryş tertibinde öňdäki dörtlüge göterildi.

Ýene degişli makalalar

WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ilkinji ýedilige girdi
Garsiýa WTA-nyň Jemleýji turniriniň ýeňijisi boldy
Merkezi Aziýaly tennisçi ýylyň iň köp pul gazanan tennisçileriniň onlugyndan orun aldy
Säheriň sport täzelikleri