Kazyýet Jokowiçiň arzasyny ret etdi. Türgen Awstraliýadan gaýtmaly bolar

Kazyýet Jokowiçiň arzasyny ret etdi. Türgen Awstraliýadan gaýtmaly bolar

Dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç Uly tuwalga ýaryşyna gatnaşyp bilmez. Ýakyn wagtda ol Awstraliýany terk etmeli bolar. Ýekşenbe güni kazyýet işini geçiren Awstraliýanyň Federal kazyýeti türgeniň appelýasiýasyny ret etdi. Şeýlelikde, Jokowiçiň wizasyny ýatyrmak hakynda Awstraliýanyň häkimiýetleriniň karary güýjünde galdy diýip, Euronews habar berdi.

Köp sagada çeken kazyýet seljermesiniň barşynda Jokowiçiň aklawjylary türgene ýöňkelen günäkärlemeleriň ýerliksizdigini öňe sürdi.Häkimiýete wekilçilik edýän aklawjylar bolsa, öz gezeginde, serbiýaly türgeniň ýurduň çäginde mundan beýläk bolmagynyň jemgyýetçilik tertibi we saglygy goraýşy üçin howply bolup biljekdigini öňe sürdüler.

Netijede kazy häkimiýetleriň tarapynda durdy.Kazyýetiň kararyna laýyklykda, türgen ýakynda ýurdy terk eder.Kanunçylyga laýyklykda, Jokowiç üç ýylyň dowamynda Awstraliýanyň wizasyny almak üçin arza bilen ýüz tutup bilmez. Ýatlatsak, Jokowiç Awstraliýa koronawirusa garşy sanjymsyz geldi.

Ol sanjym almazlyga rugsat berýän güwänamany görkezdi.Awstraliýanyň häkimiýetleri bolsa, türgeni wiza almakda doldurylan arzada ýalňyş maglumatlary bermekde günäkärlediler we onuň wizasyny ýatyrdylar.Soňra Melburnyň kazyýetiniň karary bilen türgeniň wizasy dikeldildi, emma häkimiýetler onuň wizasyny gaýtadan ýatyrdylar.

Kazyýetiň bu günki kabul eden karary Jokowiçi onunjy gezek ýaryşyň ýeňijisi bolmak mümkinçiliginden mahrum etdi.

Ýene degişli makalalar

Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi
Awstraliýanyň Häkimiýeti ikinji gezek Nowak Jokowiçiň wizasyny ýatyrdy
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Nowak Jokowiçli Serbiýa United Cup-yň ýer eýelerinden utuldy
Merkezi Aziýaly tennisçi ýylyň iň köp pul gazanan tennisçileriniň onlugyndan orun aldy
Jokowiç Federeriň rekordyny täzeledi