Awstriýa 45 ýylda meşhur buzluklaryndan mahrum bolup biler

Awstriýa 45 ýylda meşhur buzluklaryndan mahrum bolup biler

Awstriýanyň çägindäki Alp buzluklary 45 ýylda doly eräp gutaryp biler. Bu barada ýurduň Alp klubynyň hünärmenleri aýtdy diýip, Agence France-Presse habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Hünärmenleriň sözlerine görä, 2023-nji ýylda 93 sany awstriýa buzluklary ortaça 24 metr azaldy, şunda Pasterse buzlugy 203,5 metrini we Rettenbahfernenr buzlugy 127 metr kemeldi.

Alp klubynyň wekilleri güýçli maýlama netijesinde XXI asyryň ikinji ýarymynda tutuş Awstriýanyň buzsuz galjakdygyny duýdurýarlar.

Guramada biologik köpdürlüligi goldamagyň çäklerinde buzluklary goramakda ählumumy tagallalary birleşdirmäge çagyrýarlar, olaryň pikiriçe, dagda buzda typylýan şypahanalaryň öz çäklerini giňeltmegi sebäpli ýurduň Alp sebitleri kynçylyga uçraýar.

Mysal üçin, soňky iki ýylda Şweýsariýadaky Alp daglary öz möçberiniň 10 göterimini ýitirdi.

Ýene degişli makalalar

Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda türkmen gazyny Ýewropa ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Alper Gezerawjynyň şu gün Dünýä gaýdyp gelmegi meýilleşdirilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny