Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Fidan ABŞ-da ekstremist terror guramasy bilen bagly möhüm duşuşyk geçirdi” sözbaşyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ak Tamyň Milli howpsuzlykdan jogapkär geňeşçisi Jeýk Sýulliwan bilen duşuşandygyny ýazýar.

Gazada hüjümleriň dessine bes edilmeginiň we sebite ugradylýan ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagynyň möhümdigini beýan eden Fidan, ABŞ-nyň ýaranlyk ruhuna laýyk hereket edip, PKK-nyň aşakky bölekleri bilen bolan gatnaşyklaryny kesmelidigini beýan etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Owaköý bilen Galkynma ýoly terrora böwet bolar” sözbaşyly habarynda, Yragyň demirgazygynda guralýan operasiýalar bilen PKK-ny ýok etmegi meýilleşdirýän Türkiýäniň Owaköý gümrük geçelgesini hem öz içine alýan “Galkynyş ýoly” taslamasy bilen bagly işleriň depgininiň güýçlendirilendigini ýazýar. Taslama PKK-nyň Yrak-Siriýa arabaglanşygynyň kesilmeginde tebigy böwet bolar.

“Star” gazeti “Amerikan metbugatynyň “KAAN” hakyndaky üns çekiji habary” söz başyly habarynda, “Amerikan Biznes İnsaýder” gazetiniň 21-nji fewralda ilkinji uçuşyny üstünlik bilen amala aşyran Türkiýäniň döwrebap harby uçary “KAAN-y” analiz edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet doganlyk ýurt Azerbaýjanyň rus önümi uçarlarynyň ýerine “KAAN-y” ulanjakdygyny nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti “Baýraktar: Gabarda maksat 100 müň barrel” sözbaşyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň “Gabarda günlük 37 müň barreli geçdik. Aprel aýynda 9 sany täze guýy açylar, maksat 2024-nji ýylyň ahyrynda 100 müň barrel” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menzilinmde “terapeýa itleri” işe girişdi” söz başyly habarynda, Stambul howa menzilinde Türkiýede ilkinji gezek iş ýüzüne geçirilen “Terapeýa itleri taslamasy” bilen uçara münmekden biynjalyk bolýan ýolagçylara itler bilen asuda we rahat syýahat mümkinçiliginiň döredilmegi nazarda tutulýandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny