Awstriýadaky täsin çüwdürim

Dünýäde birnäçe ajaýyp we täsin çüwdürimler bardyr. Şol çüwdürimleriň biri hem Awstriýanyň Insbruk şäherinde ýerleşýär.Bu çüwdürim 1995-nji ýylda döredilen Swarowskiý kompaniýasynyň ýüz ýyllygy mynasybetli döredilen muzeýiň daşky diwarynda ýerleşýär.

Adamyň ýüzüniň şekiline meňzeş bolan çüwdürimiň “agzyndan” suw akýar, “gözleri” bolsa Swarowskiý aýnasyndan ýasalan.Onuň şekilini awstriýaly suratkeş Andre Heller döredipdir.Bu täsin binagärlik çözgüdini tejribeli heýkeltaraşlar we binagärler taýýarlapdyr.

Binanyň öň tarapyndan, girelgäniň ýokarsyndan guýulýan çüwdürim, tegelek şekilli howza akýar.Muzeý binasy bolsa, depäniň eteginde, ýeriň astynda ýerleşýär.Bu muzeýde dünýädäki iň uly agramy 300 000 tonna barabar emeli kristal ýerleşip, ol Ginnesiň Rekordlar Kitabyna girizilendir.

Gurbanmyrat RejepowTürkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sarahs etrabynyň täze häkimini belledi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine täze ýolbaşçylary belledi
Türkmenistanda Halk Maslahatyny döretmäge taýýarlyk görülýär
“Porsche” täze zarýad berijisini hödürledi
Gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Tebigy materiallardan teker öndürer
Türkmenistanly ýaş küştçüler dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler