Awtoulag bazarynda täze döwür

Awtoulag önümçiliginde peýdalanylýan häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen ýangyç serişdeleri arkaly hereket edýän ulaglaryň ornuny tutmaga çemeleşýän elektrik togy bilen işleýän ulag önümçiligine geçilip başlandy.Dünýäniň köp sanly iri ulag öndürýän kompaniýalary elektrik togy bilen hereket edýän ulaglary öndürmäge girişen hem bolsa, ýene-de sanlyja ýyldan täze görnüşli ulaglar giňden ulanylmaga başlanar.

Golaýda ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ýük ulagyny synagdan geçirdi.Bu ýagdaý dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi.Şol birwagtda Ýewropada, galyberse-de, tutuş dünýäde ulag önümçiliginde öňdeligi eýeleýän Germaniýanyň “Volkswagen AG” konserni 20182022-nji ýyllar aralygynda 22,8 milliard ýewro möçberinde serişde sarp etmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýanyň bu pul serişdeleri diňe bir elektromobilleriň önümçiligi üçin däl, eýsem, özbaşdak hereket edýän ulaglaryň hem-de sanlaýyn tehnologiýanyň önümçiliginde-de peýdalanylar.Umuman, Germaniýanyň iri kompaniýasy gelejegiň tehnologiýasy üçin ummasyz köp möçberde maýa goýum goýmakçy.— Uzak möhletleýin maksatnamalara laýyklykda, 2025-nji ýylda kompaniýany elektrik togy bilen hereket edýän ulaglaryň bazarynda birinji orna çykarmak göz öňünde tutulýar diýlip, “Volkswagen AG” kompaniýasynyň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Mattias Mýulleriň beýanatynda bellenip geçilýär. “Volkswagen” kompaniýasy “Audi”, “Skoda” hem-de “Seat” ýaly markalaryny hem öz içinde jemleýär. 2025-nji ýylda 1 million töweregi elektromobil öndürmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Volkswagen, Audi, Seat we Skoda ýanma howpy sebäpli 100 müňden gowrak awtoulagy yzyna gaýtarýar
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Bilelikde zarýad bekedi gurarlar
Gerbert Diss 2025-nji ýyla çenli Volkswagen-iň baş direktory wezipesinde galar
80 göterimi elektroulag
“Volkswagen”-iň işi ilerleýär