“Volkswagen”-iň işi ilerleýär

Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýasy “Volkswagen Group”-yň salgyt salnandan soňky girdejisi 3,403 milliard ýewro deň boldy.Bu görkeziji 2017-nji ýylyň 1-nji çärýegine degişlidir.Hasabat döwründe girdeji 43,9 göterim köpeldi.Degişli döwürde kompaniýa tarapyndan 2,738 million ulag öndürildi.

Bu geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 7,1 göterim köpdür.Hasabat mahalynda satuwda 1,3 göterim ösüş gazanylyp, 2,61 million ulag müşderilere ýetirildi.2017-nji ýyl boýunça kompaniýa söwdasynyň möçberini 4 göterime çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.

Ol Ýewropanyň öňdebaryjy ulag öndüriji kompaniýalarynyň biridir. “Volkswagen”, “Audi”, “Skoda” we “Seat” ýaly ulaglar bu kompaniýa degişlidir. Şeýle hem kompaniýa tarapyndan “Lamborghini”, “Bentley” we “Bugatti” ýaly aňrybaş kaşaňlykdaky ulaglar hem öndürilýär.

Ýene degişli makalalar

Gerbert Diss 2025-nji ýyla çenli Volkswagen-iň baş direktory wezipesinde galar
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Volkswagen, Audi, Seat we Skoda ýanma howpy sebäpli 100 müňden gowrak awtoulagy yzyna gaýtarýar
“Volkswagen” “Navistar”-y satyn aldy
Peýdasy 9,6 milliard ýewro
Bilelikde zarýad bekedi gurarlar