Gerbert Diss 2025-nji ýyla çenli Volkswagen-iň baş direktory wezipesinde galar

Gerbert Diss 2025-nji ýyla çenli Volkswagen-iň baş direktory wezipesinde galar

Volkswagen kompaniýasynyň baş direktory Gerbert Diss 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ýolbaşçy wezipesinde galar diýip, kompaniýa habar berdi. Muny 1prime.ru ýetirýär.

Volkswagen Volkswagen, Audi, Skoda, Seat ýaly markalary birleşdirýän Ýewropanyň iň uly awtomobil öndürijisi.Korporasiýanyň “lýuks” klasyndaky awtomobilleri öndürmek boýunça bölümçesine meşhur Lamborghini, Bentley, Bugatti brendleri girýär.Kompaniýa Volkswagen Commercial Vehicles bölümi, şeýle-de Scania markasy arkaly ýük ulaglaryny çykarmak bilen hem meşgullanýar.

Awtokonserniň habar bermegine görä, anna güni Volkswagen-iň geljek ýyllar üçin ösüş strategiýasy hem hödürlendi.Hususan-da, onda elektron mobillige we programma üpjünçiligine daýanmak bilen awtomobil senagaty pudagynda kompaniýanyň dünýä lideri hökmünde ornuny berkitmäge üns berilýär.

Munda awtonom dolandyryş esasy roly oýnar.Mart aýynda Volkswagen 2030-njy ýyla çenli Ýewropada elektromobiller üçin batareýa öndüriji alty zawoddan ybarat ulgamy döretmekçidigini habar berdi.Kärhanalar ýylda umumy kuwwaty 240 GWt/sag bolan akkumulýatorlary öndürer diýlip meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

“Volkswagen”-iň işi ilerleýär
Peýdasy 9,6 milliard ýewro
“Volkswagen” “Navistar”-y satyn aldy
02.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Jorj Uoker Buşa gynanç bildirdi
02.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi