Peýdasy 9,6 milliard ýewro

“Volkswagen” şereketleri toparynyň şu ýylyň birinji ýarymynda gazanan peýdasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,5 göterim ýokary bolup, 9,6 milliard ýewro ýetdi.Agzalýan döwürde nemes kompaniýasynyň girdejisi 4,9 göterim ýokarlanyp, 125,2 milliard ýewro boldy. “Audi”, “Bugatti”, “Seat”, “Skoda” we “Porsche” brendlerini hem öz içine alýan toparyň merkezi edarasy Wolfsburg şäherinde ýerleşýär.

Global awtoulag senagatyndaky kyn şertler sebäpli “Volkswagen”-iň ähli şahamçalaryndaky satuwyň geçen ýyldakydan 2,8 göterim azalyp, 5,4 million ulag satandygyna garamazdan, girdejisi we peýdasy artdy.Has gymmat bahaly sport awtoulaglaryna islegiň ýokarlanmagy we dizel hereketlendirijileri kämilleşdirmek üçin edilýän çykdajylaryň azalmagy kompaniýanyň girdejisine oňyn täsir edipdir.

Nemes kompaniýasy şu ýylyň dowamynda gazanjak girdejisiniň 5 göterim artmagyna garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
“Volkswagen”-iň işi ilerleýär
Gerbert Diss 2025-nji ýyla çenli Volkswagen-iň baş direktory wezipesinde galar
“Volkswagen” “Navistar”-y satyn aldy
Volkswagen, Audi, Seat we Skoda ýanma howpy sebäpli 100 müňden gowrak awtoulagy yzyna gaýtarýar
Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar