“Volkswagen” “Navistar”-y satyn aldy

“Volkswagen” “Navistar”-y satyn aldy

“Volkswagen” kompaniýasy brendleriniň sanyny köpeldýär.Nemes ägirdi ABŞ-nyň “Navistar” brendini satyn aldy.Häzirki wagtda “Volkswagen” beýleki birnäçe awtoulag brendlerinip birnäçesine eýeçilik edýär.Olaryň arasynda “Audi”, “Porsche”, “Bentley”, “Skoda”, “Seat”, “Lamborghini”, “Bugatti Ducati”, “Scania” we MAN ýaly uly girdeji, ygtybarly brendler bar.

Muňa garamazdan, kompaniýa ösüşini dowam etdirýär.Bir asyrdan gowrak wagtdan bäri awtobus we ýük ulaglaryny öndürýän “Navistar” kompaniýasy hem “Volkswagen”-iň hataryna goşuldy.Bu hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin “Volkswagen” 3,7 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekdi. “Volkswagen”-iň ýolbaşçysy Herbert Dýess awtoulaglarynyň pandemiýa çökgünligine gowy geçirýändigini, “Ducati” motosiklleriniň satuwynyň ýokarlanýandygyny belleýär.

Bilermenler mundan soňra “Navistar” ýük ulaglarynyň Ýewropa bazarynda satuwa çykaryljakdygyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar
Volkswagen Russiýada awtoulaglarynyň önümçiligini bes edýändigini mälim etdi
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Peýdasy 9,6 milliard ýewro
“Volkswagen”-iň işi ilerleýär
Gerbert Diss 2025-nji ýyla çenli Volkswagen-iň baş direktory wezipesinde galar