“Aýaks” sanawa “Tottenham” toparyny hem goşdy

UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary oýnaldy. 1/8 finalda “Real Madridi”, çärýek finalda “Ýuwentusy” myhmançylykdaky oýunlarda utup, ýaryşdan çykaran “Aýaks” bu ýörelgesini ýarym finalda-da dowam etdirdi.

Londonda “Tottenham” bilen duşuşan golland topary garşydaşyny 10 hasabynda ýeňmegi başardy. Şikesi sebäpli Keýniň, jerimesi sebäpli-de Son Hyn Miniň oýnap bilmedik duşuşygynda ýeke-täk goly 15-nji minutda Donni Wan de Beek derwezä girizdi. 57 ýyldan soň, taryhynda 2-nji gezek ýarym finala çykan “Tottenham” galan 75 minutda hasaby deňläp bilmedi.

Netijede, “Aýaks” Amsterdama ýeňiş bilen dolanmagyň hötdesinden gelýär we 22 ýyldan soň, 7-nji finalynyň bosagasyndan ilkinji ädimini ätdi.Jogap oýny 8-nji maýda “Amsterdam Arenada” oýnalar.

Ýene degişli makalalar

24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
Holann het-trikleriň hökümdary
100-nji, 200-nji hem-de 300-nji duşuşygynda gol geçiren 2-nji futbolçy boldy
Londonda 7 golly duşuşyk we soňky ýarym finalçy belli boldy
“Lasionyň” 4-nji, “Galatasaraýyň” 3-nji, “Mançester Ýunaýtediň” 1-nji ýeňşi
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Tottenham” 57 ýyldan soň ýarym finalda