Aýbölek kärhanasy TSTB-niň 15 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä gatnaşar

Aýbölek kärhanasy TSTB-niň 15 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä gatnaşar

Türkmenistanda mebel önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan Aýbölek kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli 17 — 23-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçiriljek sergä gatnaşar.

Sergide kärhana täze öndüren mebellerini hem-de dürli hili mebelleri öndürmek pudagynda gazanan üstünliklerini tanyşdyrýar.Soňky bir ýylyň dowamynda Aýbölek kärhanasy diňe bir haryt görnüşlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümlerini daşary ýurtlara hem eksport edip ugrady.

Has takygy, kärhananyň öndüren partalary we oturgyçlary, mekdebe çenli edaralar üçin mebeller, şeýle-de Almatynyň Al-Faraby adyndaky uniwersiteti üçin goňşy Gazagystana we Özbegistana mebel önümleri ugradyldy.

Bulardan başga hem, kärhanada gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň mekdepleri, çagalar baglary hem-de ýaşaýyş jaýlary üçin mebeller öndürilýär. Aýbölek kärhanasy täze şäheriň ýaşaýyş jaýlaryny we bilim edaralaryny okuw mebelleri, aşhana garnituralary we beýleki mebel önümleri bilen üpjün edýär.

— Biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan yzygiderli geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergileriniň hemişelik gatnaşyjysy hökmünde çykyş edýäris diýip, Aýbölek kärhanasynyň hünärmeni belleýär. — Şu hili ýokary derejeli sergilere gatnaşmak biziň üçin önümlerimizi alyjylaryň we sargyt edijileriň giň köpçüligine ýetirmekde, hyzmatdaşlarymyzyň gerimini giňeltmekde hem-de ýurdumyzyň mebel önümçiligini täze derejelere çykarmakda uly mümkinçilik bolup durýar.

Kärhananyň dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Bitaraplyk nusgalyk ýol
Turkish Airlines sentýabr aýynda hepdede iki gezek ýolagçy gatnawyny amala aşyrar, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasyna täze rezolýusiýany işläp düzmegi teklip etdi, Awazada nobatdaky kenarýaka festiwaly geçiriler
Turkish Airlines sentýabr aýynda hepdede iki gezek ýolagçy gatnawyny amala aşyrar, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasyna täze rezolýusiýany işläp düzmegi teklip etdi, Awazada nobatdaky kenarýaka festiwaly geçiriler Turkish Airlines awiakompaniýasy
Türkmenistanly ýeňil atletikaçy Aziýanyň çagalary sport oýunlarynda altyn medala mynasyp boldy, Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy
Aýbölek kärhanasynda öndürilen mekdep partalary we synp tagtalary Gazagystana iberiler
Ahal-Siti dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri Aýbölek kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler
Aýbölek dükanynyň amatly bahaly žurnal stoly öýüňize özboluşly bezeg berer