Aýbölek kärhanasynyň hünärmenleri sargyt edijileriň isleglerine laýyk gelýän aşhana mebellerini taýýarlaýarlar

Aýbölek kärhanasynyň hünärmenleri sargyt edijileriň isleglerine laýyk gelýän aşhana mebellerini taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň mebel bazarynda köplenç halatda alyjylara aşhana mebel toplumlarynyň taýýar görnüşleri ýetirilýär. Emma aşhanalar üçin özboluşly taslama esasynda ölçelip taýýarlanan mebeller öýüň her garyş ýerini ýerlikli peýdalanmaga ýardam berýär.

Bu ugurda Aýbölek mebel kärhanasy aşhana mebelleriniň bitewi toplumyny, şeýle-de aşhanalar ýa-da naharhana otaglary üçin aýry mebel düzüm böleklerini taýýarlamakda interýeriň özüne laýyk gelýän ölçeglere salgylanýar.

Munuň netijesinde müşderiler öz aşhana otagynyň ölçegine kybap gelýän laýyk mebellerden peýdalanyp bilýärler.

Aşhana mebelleri taýýarlananda kärhanada ýokary hilli we tebigy materiallardan, ykjam furnituradan peýdalanylýar. Bu bolsa mebelleriň uzak möhlete hyzmat etmegini we olaryň oňaýly bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada öndürilýän mebel önümleriniň gapylary we gutular sessiz we ýeňillik bilen açylyp-ýapylmagy üçin olara ýörite mehanizm ýerleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, Aýbölek kärhanasynyň müşderileri özleriniň halaýan reňklerini hem sargyt edýän mebellerinde görüp bilerler. Sebäbi bezeg aýratynlyklarynyň möhüm bölegine reňk sazlaşygyny gazanmak hem şübhesiz degişlidir.

Aşhana mebellerini sargyt esasynda taýýarlatmagyň esasy tapawutly aýratynlyklary onuň köp funksiýany ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly bolup, gutularyň we mebel düzüm bölekleriniň bar bolan gap-gaçlara laýyklykda taýýarlanylmagy we ýerleşdirilmegidir, şeýle-de islendik gaplary ýygnamak üçin amatlylygyň döredilmegidir.

Belläp geçsek, kärhananyň hünärmenleri degişli gurşawy ölçemek, mebelleri ýokary ussatlyk bilen taýýarlamak hem-de olary eltip bermek ýaly hyzmatlary tölegsiz esasda amala aşyrýarlar.

Aýbölek mebel dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Andalyp köç., 80-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aýbölek kärhanasy aşhanada naharlanmagyň şertini döretmegi teklip edýär
Aýbölek kärhanasy TSTB-niň 15 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä gatnaşar
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Aýbölek dükanynyň amatly bahaly žurnal stoly öýüňize özboluşly bezeg berer
Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji 6 aýynyň netijelerini mälim etdi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy