Aýbölek mebel dükanynyň açylanyna 22 ýyl bolýar

Aýbölek mebel dükanynyň açylanyna 22 ýyl bolýar

Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda mebel önümçiligini we satuwyny ýola goýan Aýbölek mebel dükanynyň açylmagyna 22 ýyl bolýar. Şol wagt — 2000-nji ýylda ol mebel önümlerini satýan dükan hökmünde işe başlap, 10 ýyldan soň bolsa dükanyň mebel önümçiligini alyp barýan fabrikasy işe girizildi.

Mebel fabriginde materiallary we taýýar önümleri saklamak üçin birnäçe ussahanalar we ammarlar bar. Aýbölek kärhanasy köp ýyllyk tejribesi esasynda agaçlary we metallary gaýtadan işlemekde häzirki zaman enjamlaryndan peýdalanyp, köp dürli görnüşdäki ýokary hilli mebel önümlerini öndürýär.

Kärhana öz dükanlaryndan we şahsy taraplardan sargyt etmek üçin agaçdan we metaldan öý hem-de ofis otaglary, bilim we lukmançylyk edaralary üçin ýumşak hem-de bitewi mebelleriň ähli görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

Aýbölek kärhanasynda öndürilen önümler mekdeplerde, çagalar baglarynda, hassahanalarda we saglyk öýlerinde, medeni-jemgyýetçilik edaralarynda giňden ulanylýar.Dynç alyş otaglary we ýatylýan otaglar üçin mebeller, aşhana mebel toplumlary hem türkmenistanlylaryň öýlerini bezeýär.

Häzirki wagtda kärhana Ýer ýüzüniň 23-den gowrak tejribeli mebel kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Kärhanada taýýarlanan mebel önümleriniň dürli görnüşleri bilen dükanyň şu salgysyna baryp tanşyp bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 80-nji jaý.

Taýýarlanan mebeller sargyt esasynda degişli salga tölegsiz eltilýär hem-de gerekli ýerinde islegiňize görä, ökde hünärmenler tarapyndan gurnalyp berilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Ýene degişli makalalar

Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji 6 aýynyň netijelerini mälim etdi
Aýbölek kärhanasy täze okuw ýylyna çenli mekdep mebelleriniň köpdürli görnüşlerini öndürer
Aýbölek mebel kärhanasy müşderileri dükanyna baryp görmäge çagyrýar
Aýbölek mebel dükanynyň hünärmeni kärhananyň halkara baýraklary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Ahal-Siti dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri Aýbölek kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler