Dürli görnüşli mebelleri öndürýän Aýbölek kärhanasy çagalaryň otaglary üçin niýetlenen mebelleri sargyt esasynda taýýarlaýar.
Adatça, çaga otagy üçin mebel saýlananda oňa howpsuz ýagdaýy döretmäge ýardam etjek berkligi, oňaýlylygy hem-de ekologik arassalygy nazarda tutulýar.
Aýbölek kärhanasynyň mebel görnüşleriniň hatarynda ýörite çaganyň mümkinçilikleri göz öňüne tutulan, şeýle-de onuň göwnünden turjak howpsuz mebeli sargyt etmek bolýar.
Kärhanada mebeller Ýewropa hil ülňülerine kybap gelýän ýokary hilli materiallardan taýýarlanylýar. Aýbölegiň hünärmenleri dürli görnüşdäki mebelleri alyjynyň islegine görä, dürli dizaýn, reňk we ölçeg aýratynlyklaryna laýyklykda, otagyň göwrümine we ofis şertlerine deň geljek göwrümde işläp taýýarlaýarlar.
Belläp geçsek, häzir Aýbölek mebelleri Türkmenistanyň ähli ýerlerinde uly isleg bilen satyn alnyp, kärhananyň önümleri ýurduň çagalar baglary we okuw jaýlary üçin hem giňden üpjün edilýär.
Öýüňiz üçin islegiňize görä niýetleýän mebelleriňizi şu salgydan sargyt edip bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 8-nji jaý, Aýbölek mebel dükany.
Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri: 47 01 03; 47 01 04.
Şeýle-de okaň:
