Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerini mälim etdi

Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerini mälim etdi

Türkmenistanyň öňdebaryjy mebel kärhanalarynyň biri bolan Aýbölek mebel fabrikasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijesini jemledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende kärhananyň söwda dolanyşygy 115% ýerine ýetirildi.

Belläp geçsek, Aýbölek mebel kärhanasy ýörite taýýarlykly hünärmenleri saýlap almaga hem uly ähmiýet berýär.

Kärhananyň hünärmeniniň belleýşi ýaly, bu ýerde bar bolan dürli görnüşli materiallar esasynda alyjy öz göwnüne ýaran materialy, fakturasy, reňki we beýleki aýratynlyklary boýunça mebeli saýlap özüni harydynyň dizaýneri hökmünde duýup biler.

Aýbölek mebel dükany 20 ýyldan gowrak wagt bäri alyjylara myhman otagy, ýatmak üçin niýetlenen otag, girelgeler, çagalar otagy hem-de aşhanalar üçin ýörite mebelleri hödürläp gelýär. Şeýle-de dükanda ofisler we ýolbaşçylaryň iş otaglary üçin dürli görnüşli mebeller müşderilere ýetirilýär.

Kärhananyň taýýar önümlerini satyn almak ýa-da islege görä sargyt etmek üçin Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesiniň 80-nji jaýyndaky dükanyna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Gözelligiň nusgasy atly bäsleşigiň jemi jemlendi
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň öňdebaryjy zenanlary kesgitlenildi
Aýbölek mebel dükanynyň açylanyna 22 ýyl bolýar
Aýbölek mebel kärhanasy sargyt esasynda çaga otagynyň mebellerini taýýarlaýar
Aýbölek mebel dükanynyň hünärmeni kärhananyň halkara baýraklary barada gürrüň berdi
Aşgabatda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar