Aýbölek dükanynyň ofis mebelleri oňaýly iş gurşawyny döretmäge ýardam eder

Aýbölek dükanynyň ofis mebelleri oňaýly iş gurşawyny döretmäge ýardam eder

Aýbölek mebel kärhanasy ofisler üçin niýetlenen mebelleri müşderileriň islegine görä sargyt esasynda gysga möhletde taýýarlaýar. Aýbölek mebel kärhanasynyň hünärmenleri çylşyrymly ölçegdäki taslamalary, döwrebap mebelleri ýasamakda baý tejribä eýe bolup, göwnejaý iş gurşawyny döretmek üçin has oňaýly hem-de islegleri kanagatlandyryp biljek derejedäki mebelleri saýlap almaga ýardam eder.

Kärhana iş ýerleri we işgärleriň dynç alýan otaglary, kabulhanalar, ýolbaşçynyň otagy hem-de ýygnak geçirilýän zallar we beýleki ýerler üçin ofis mebelleriniň dürli görnüşlerini öndürýär. Şeýle-de onuň önümhanasynda dükanlar üçin tekjeler, söwda sütünleri we dürli maksatlara niýetlenen diwarlyk panelleri ýasalýar.

Bu ýerde ofisiň bitewi sazlaşykly gurşawyny döretmegiň özboluşlylygy hem ünsden düşürilmeýär. Aýbölek kärhanasy öz imijine kybap gelýän häsiýetli aýratynlyklary: reňkleriň sazlaşygyny döretmek ýörelgesini, özbaşdak şekilleri we sargyt edijiniň haryt nyşanyny nazarda tutýar.

Ýeri gelende Aýbölek kärhanasynyň halkara derejesindäki köp sanly abraýly baýraklaryň eýesi bolandygyny hem bellemek bolar.

Aýbölek mebel dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04. Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aýbölek mebel dükanynyň açylanyna 22 ýyl bolýar
Aýbölek mebel kärhanasy sargyt esasynda çaga otagynyň mebellerini taýýarlaýar
Aýbölek mebel dükanynyň hünärmeni kärhananyň halkara baýraklary barada gürrüň berdi
Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerini mälim etdi
Aşgabatda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar
Aýbölek kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny ýetip gelen baýramçylyklar bilen gutlaýar