Aýbölek mebel dükanynyň hünärmeni kärhananyň halkara baýraklary barada gürrüň berdi

Aýbölek mebel dükanynyň hünärmeni kärhananyň halkara baýraklary barada gürrüň berdi

Turkmenportal internet habarlar neşiriniň habarçysy Aýbölek mebel dükanynyň esasy edarasyna baryp, kärhananyň daşary aragatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Durdymuhammet Annagulyýew bilen söhbetdeş boldy.

Iş otagyna giren mahalyň gözüňe ilýän ilkinji zat — Aýbölek mebel kärhanasynyň gazanan üstünliklerini beýan edýän köp sanly diplomlarydyr baýraklary.

Kärhananyň hünärmeni bu ýerde öndürilýän mebeller barada şeýle belleýär:

Aýbölek mebel kärhanasynyň abraýly baýraklarynyň hataryny Germaniýada geçirilen halkara sergide gowşurylan Золотая Арка Европы (2012-nji ýyl), Las-Wegas şäherinde geçen forumda önümleriň ýokary hili üçin berlen Платина (2013-nji ýyl) baýragy we beýleki sylaglar düzýär.

Mebel öndüriji kärhana her bir mebeli taýýarlamakda onuň kiçijik böleklerine çenli aýratyn ähmiýet bilen çemeleşýär. Olarda ulanylýan berk çarçuwalar, ýokary hilli galdyryjy mehanizmler, mäkäm berkidilýän materiallar hem-de beýleki zerur elementler önümiň uzak möhlete hyzmat etmegini kepillendirýär.

Aýbölek mebel dükanyndan taýýar mebel toplumyny ýa-da mebeli aýratynlykda satyn almak üçin dükanyň Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesiniň 80-nji jaýyndaky salgysyndan sargyt edip bilersiňiz. Dükan satyn alnan harytlaryň eltilmegini we gurnalmagyny tölegsiz üpjün edýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aýbölek mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji 6 aýynyň netijelerini mälim etdi
Aýbölek kärhanasy täze okuw ýylyna çenli mekdep mebelleriniň köpdürli görnüşlerini öndürer
Aýbölek mebel dükanynyň açylanyna 22 ýyl bolýar
Aýbölek mebel kärhanasy müşderileri dükanyna baryp görmäge çagyrýar
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Ahal-Siti dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri Aýbölek kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler