Aýterek goşundysynda satyň, kärendesine alyň, satyn alyň we ýöne özara habarlaşyň

Aýterek goşundysynda satyň, kärendesine alyň, satyn alyň we ýöne özara habarlaşyň

Ofis kärendesine almakçymy, ýa bolmasa öý satmak, iş tapmak, maşyn satyn almak isleýärsiňizmi? Aýterek ykjam goşundysy bilen bu we beýleki meseleleriň ählisini ýönekeýleşdiriň.

Aýterek — bu harytlary we hyzmatlary gözlemekde ýa-da satmakda ygtybarly kömekçi. Internet-meýdançanyň sahypalarynda dürli kategoriýalarda müňlerçe mahabatlar jemlenen. Olardan elektronika we hojalyk tehnikalaryny, gurluşyk materiallaryny, öý, çagalar we sport harytlaryny, şeýle hem gozgalmaýan emläkleri, iş we hyzmatlar baradaky bildirişleri bellemek bolar. Aýterek goşundysyndaky oýlanyşykly düzülen nawigasiýa ulgamy isleg bildirilýän önümleriň toparyny çalt we aňsatlyk bilen tapmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, Aýterek telekeçilere öz işewürlik başlangyçlaryny ilerletmek üçin amatly guraly hödürleýär. Dükanlar bölümi özbaşdak işewürlik hasabyny açynyp, ol ýerde wirtual tekjäni guramaga, banneri, salgylary hem-de kompaniýa baradaky beýleki maglumatlary goşmaga ýardam edýär. Ulanyjylar öz göwnüne ýaran dükanyna ýazylyp, täze önümler we arzanladyşlar baradaky habarnamalary alyp bilerler.

Aýterek — bu diňe bir haryt satyn almak ýa-da satmak däl-de, eýsem täze dostlary ýa-da hyzmatdaşlary tapynmak üçin hem oňaýly platformadyr. Bu goşundynyň onlaýn habar alyşmak mümkinçiligi esasynda ulanyjylar biri-birleri bilen habarlaşyp, maglumat alyş-çalyş edip we geleşikleri baglaşyp bilerler.

Aýterek mobil goşundysy ýükläp almak üçin Google Play hem-de App Store internet dükanlarynda elýeterlidir. Şeýle hem goşundynyň ähli mümkinçilikleri bu hyzmatlar ulgamynyň web sahypa görnüşinde bardyr.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 61) 44 22 83.

Elektron poçta salgysy: ayterek@ajayyptilsimatlar.com.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda DevFest 23 festiwaly geçirildi
Ilon Mask adamzat başga planetalara göçmeli diýip hasaplaýar
Aşgabatda çörek nobatynda basa-baslyk döredi
Putin Harkowda Howpsuz Ara Zolak Döretjekdiklerini Aýtdy
Kutadgu Bilig we eseriň awtory Ýusup Has Hajibiň ömrü we döredijiligi
Türki Döwletlerň Gün Tertibindäki Wakalar