I.K.Aýwazowskiniň Diri galanlar atly kartinasy Londonda 4,188 million funt sterlinge satyldy. Sotheby’s auksion öýüniň habar bermegine görä, bu satuw suratkeşiň işi üçin rekord bahadyr. Mundan öň, 2012-nji ýylda Aýwazowskiniň Konstantinopolyň we Bosforyň görnüşi atly eseri 3,2 million funt sterlinge satylypdy.
Suratkeşiň döredijiliginde iň uly kartinalaryň biri bolan Diri galanlar 1878-nji ýylda çekildi. Diri galanlar mundan ozal 2004-nji ýylda auksiona çykarylypdy. Soňra bu eser Gresiýada hususy kolleksiýa üçin satyn alnypdy.
Jeren JUMAGYLYJOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
