Azatlygyň maglumatyndan soň, Balkanyň migrasiýa edaralarynda barlag geçirildi

Azatlygyň maglumatyndan soň, Balkanyň migrasiýa edaralarynda barlag geçirildi

Aşgabatdan iberilen ýörite derňew topary Balkan welaýatynyň migrasiýa edaralarynda barlag geçirdi. Barlaglaryň netijesinde, bäş migrasiýa ofiseri para almakda tussag edildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ygtybarly çeşmeleri 30-njy noýabrda sebitden maglumat berdiler.

Waka, Balkanda raýatlaryň biometriki pasport almak meselesinde para-berimiň "möwjeýändigi” barada Azatlygyň çap eden maglumatyndan birnäçe gün soňa gabat geldi.

“Azatlykda Balkandaky migrasiýa edarasyndaky parahorluk, ýagny biometriki pasport nobatlaryny satmak barada berlen makaladan iki gün geçensoň, 24-nji noýabrda sebitiň migrasiýa edaralarynyň üçüsinde hem barlaglar geçirildi” diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Barlaglar Aşgabatdan iberilen ýokary gözegçilik gullugynyň we baş prokuraturanyň wekillerinden ybarat topar tarapyndan amal edildi. Derňewleriň çäginde toparyň düzümine Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýatdaky edarasynyň wekilleri hem goşuldy.

“Barlaglarda bäş migrasiýa ofiseri tussag edildi. Olaryň üçüsi Türkmenbaşynyň, biri Balkanabadyň we ýene biri Gyzylarbadyň migrasiýa edarasynda saklandy. Migrasiýa ofiserlerini, öňünden ýörite adamlary belläp, para alan mahaly tussag edipdirler. Bu ofiserler para beren adamlaryň işlerini haýal etmän bitirýän ekenler” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlykda bu ofiserleriň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar bolsa-da, olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Redaksiýa bu ofiserleriň soňky ykbalyny anyklamak häzirlikçe başartmady. Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden kommentariý almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne bu waka, Balkanda raýatlaryň biometriki pasport almak mümkinçiliginiň günsaýyn kynlaşýan mahaly, bu ugurda para-berimiň "möwjeýändigi” barada Azatlygyň çap eden maglumatyndan birnäçe gün soňa gabat geldi.

Noýabryň ortalarynda Balkanyň migrasiýa edaralarynda biometriki pasportlary almak üçin nobatlar indiki ýylyň güýz paslyna çenli baryp ýetensoň, sebitde talon bermek bes edildi.

22-nji noýabrda Azatlygyň çeşmeleri tiz wagtda ýurtdan gitmek isleýän, emma pasport alyp bilmeýän raýatlaryň “derdine migrasiýa işgärlerine ýakyn adamlaryň ýetişýändigini” habar berdiler.

“Bu adamlar raýatlaryň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanýarlar. Olar raýatlardan para alyp, olara nobatsyz biometriki pasport alyp berýärler. Paranyň möçberi günsaýyn artýar diýsek ýalňyşmarys” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan balkanly ýaşaýjy aýdypdy.

Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan çykmaga we ýurda girmäge niýetlenen biometriki pasportlaryny almakdaky kynçylyklary fewralda peýda boldy. Şondan bäri ýurduň migrasiýa edaralarynda raýatlaryň görlüp-eşidilmedik nobatlary saklanýar.

Bu waka, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda daşary döwletlere gitmek isleýänleriň barha köpelýän wagtynda ýüze çykýar.

Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň biometriki pasport almakdaky kynçylyklary barada hiç hili maglumat ýa düşündiriş bermeýärler.

Bu aralykda, çeşmelerimiz soňky aýlarda migrasiýa edaralaryna işe girmek isleýän raýatlardan soralýan paranyň möçberi barada hem maglumat berip, onuň görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini habar berýärler.

Olar munuň sebäbini soňky ýyllarda Döwlet migrasiýa gullugynyň döwlet edaralarynyň arasynda “iň bir girdejili gulluklaryň biri” hasaplanylýandygy bilen düşündirýärler.

“2023-nji ýylda migrasiýa edarasyna işe girmek isleýän raýatlardan soralýan paranyň möçberi 30 müň ABŞ dollaryna ýetdi. Sebäbi ofiserler raýatlardan her bir pasport üçin 500-1000 ABŞ dollary möçberinde para alýarlar” diýip, ygtybarly çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu barada Döwlet migrasiýa gullugyndan kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Marynyň hassahanalarynda gelinler "ýerde çaga dogurmaga mejbur bolýar"
Abadanda býujet işgärlerinden “saglyk barlagy” üçin pul ýygnalýar
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Çukanak-sakanak awtomagistral adam pidalaryna getiren ýol hadysasyna sebäp boldy
Kerkide çaga dogurmak üçin ýüzlerçe kilometr ýol aşyp, Türkmenabada gidýän göwreli zenanlar “köpelýär”