Aždarhanyň öýüniň dördünji möwsümi iň ahyrky bolar

Aždarhanyň öýüniň dördünji möwsümi iň ahyrky bolar

Jogapkär prodýuser Raýan Kondal Aždarhanyň öýi serialynyň 4-nji möwsüminiň iň ahyrky möwsüm boljakdygyny tassyklady diýip, Variety neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Kondal dört möwsümiň ýazyjy Jorj Martiniň Alaw we gan atly kitabynda gürrüň berilýän wakalary jemlemek üçin ýeterlik boljakdygyny nygtady. Häzirki wagtda üçünji möwsümiň ssenarisiniň üstünde işlenilýändigini habar beren prodýuser onuň 2025-nji ýylyň başynda önümçilige goýberiljekdigini aýtdy. 3-nji möwsümiň başlangyç wakasy ýazyjy Martiniň kitabynda gürrüň berilýän iň uly göwrümli söweş hakda bolar.

Aždarhanyň öýi Jorj Martiniň kitaplary esasynda öň döredilen meşhur Tagtlaryň oýny serialyna çenli wakalar baradadyr. Onda Targariýenleriň nesilşalygynyň pese gaçyşy hakynda gürrüň berilýär.

Serialyň ikinji möwsümi 16-njy iýunda Max onlaýn-kinoteatrda görkezilip başlandy.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Owganystan ABŞ bilen tussaglylary çalyşmaga taýýar
Raýan Reýnolds döredijilik arakesmesini yglan etdi
Barselonanyň ýarymgoragçysy Pedri Golden Boy baýragyna eýe boldy
BSGG: omikrondan pida bolýan ýok