Azerbaýjan bilen Eýrany birleşdirjek demir ýoluň gurluşygynyň başlanjak möhleti belli edildi

Azerbaýjan bilen Eýrany birleşdirjek demir ýoluň gurluşygynyň başlanjak möhleti belli edildi

Azerbaýjan bilen Eýranyň arasynda çekiljek demir ýoluň Reşt-Astara geçelgesiniň gurluşygyna ýene bir ýarym aýdan başlanar. Bu barada Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministriniň orunbasary Şahriýar Efendizade habar berdi diýip, Tasnim habarlar gullugyna salgylanýan Report ýazýar.

Ýagny eýranly ýolbaşçy taslamanyň gurluşygyna 2024-nji ýylyň başynda, ýene bir ýarym aýdan badalga beriljekdigini aýtdy.

17-nji maýda Russiýa we Eýran Demirgazyk-Günorta taslamasynyň çarçuwasynda Reşt-Astara ýolunyň bölegini bilelikde gurmak babatda ylalaşyk baglaşdylar, ol Pars aýlagy portlaryna göni çykalgany üpjün eder.

Taslamanyň umumy bahasy 1,6 milliard ýewro bahalanýar. Resminama laýyklykda, Moskwa we Tähran täze demir ýoly taslamalaşdyrmagy, gurmagy, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň üpjünçiligini bilelikde maliýeleşdirer.

Ýene degişli makalalar

Aragçi: Biz Orsýet bilen dürli derejelerde ýakyn syýasy maslahatlar geçirýäris
Şamhani: Ukrainadaky krizis sapak bolup biler
Eýranyň wekili: Serdar Soleýmanyň terror edilmegi terrorçylyga garşy göreşe agyr zarba urdy
Eýranyň günortasynda güýçli ýer titreme boldy
Eýranda zamun krizisi başdan geçirildi
Owganystanda "beýt Al-Mukaddsesiň" nyşanynyň açylyşy