Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy 24-nji iýunda geçiriler

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasyny şu ýylyň 24-nji iýunda geçirmek baradaky karara geldi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda aýdylýar.

2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogyny Hytaý Halk Respublikasy kabul eder. 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny bilen 16-njy iýuly aralygynda geçiriljek yklym ýaryşy şäherleriň 10-synda (Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn, Suçjou) guralar.

Bilşiňiz ýaly, Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyry 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry bilen utgaşykly alnyp barlypdy.Geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde dünýä çempionaty 2022-niň nobatdaky tapgyryna Siriýanyň, Awstraliýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, BAE-niň, Koreýa Respublikasynyň, Omanyň, Yragyň, Wýetnamyň, Hytaýyň hem-de Liwanyň ýygyndy toparlary gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Bu ýygyndylar şol birwagtda Aziýa Kubogy 2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hem hukuk aldylar.

Yklym ýaryşynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän galan 11 ýollanma saýlama tapgyryň netijesinde kesgitlener.

Ikinji saýlama tapgyrynyň netijesinde ýygyndylaryň 22-si atlaryny üçünji saýlama tapgyryna ýazdyrdylar. Bu sanawa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem goşulandygyny bellemek gerek. Saýlama tapgyrynda çykyş etjek beýleki iki ýygyndy bolsa pleý-off oýunlarynyň netijesinde kesgitlener.

Üçünji saýlama tapgyrynda çykyş edýän ýygyndylar: Özbegistan, Iordaniýa, Bahreýn, Gyrgyz Respublikasy, Palestina, Hindistan, Taýland, Täjigistan, Filippinler, Türkmenistan, Kuweýt, Owganystan, Malaýziýa, Singapur, Mongoliýa, Gonkong, Maldiwler, Şri-Lanka, Nepal, Mýanma, Ýemen, Bangladeş.

Pleý-off tapgyryna gatnaşýan ýygyndylar: Indoneziýa, Kamboja, Hytaý Taýpeýi, Guam.

Utulan-çykdy oýunlarynyň şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda, saýlama tapgyryň duşuşyklarynyň bolsa şu ýylyň 11-nji noýabry bilen 2022-nji ýylyň 14-nji iýuny aralygynda geçirilmegine garaşylýar. 24-nji iýunda geçiriljek bije çekişlik dabarasynda ýygyndy toparymyzyň çykyş etjek toparçasy belli bolar.

Üçünji saýlama tapgyrda 6 toparça emele geler. Her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylara yklym ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik dörär.

Ýene degişli makalalar

Kuala-Lumpurda Aziýa Kubogy 2023-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bbije çekişlik dabarasy 24-nji iýunda geçiriler
Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HYTAÝ FORMATYNDA KÖPTARAPLY GEŇEŞMELERIŇ USULLARYNY DÖRETMEGI TEKLIP ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaýa bardy
Sian şäherinde Merkezi Aziýa Hytaý sammiti öz işine başlady