Aziýanyň iň çuň guýusy

Hytaýyň Uýgur awtonom raýonyndaky Tarim düzlüginde täze nebit-gaz guýusy burawlanyp başlandy. Yuejin3-3XC atly guýynyň çuňlugynyň 9 müň 472 metre ýetjekdigi bellenilýär. Sinopec kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýan işleriň netijesinde bu ýerde çuňluk rekordynyň goýulmagyna garaşylýar. Kompaniýanyň wekili Si Liksin munuň Aziýanyň iň çuň nebit-gaz guýusy bolmagyna garaşylýandygyny belleýär.

Si Liksin munuň çuň buraw tehnologiýasynda Hytaýyň iň ösen derejä ýetilendigini alamatlandyrýandygyny, şeýlelikde, çuňlugy 10 müň metrden geçýän aşa çuň nebit we tebigy gaz guýularyny burawlamak üçin tehniki babatda gerekli taýýarlygyň üpjün ediljekdigini belledi.

Leýla BAÝRYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan güniniň 110 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirildi
Hakas Türkçesi
Palestina Goldaw Bermäge Dowam Ederis
Hytaý Owganystana Müň Tonnalyk Ynsanperwer Kömegini Ugratdy
BMG Uýgur Meselesinde Hytaýa Çagyryş Etdi
ÝB: "Hytaý we ÝB düşünişmezçiliklere garamazdan bilelikde işleşmeli" diýdi